JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjana bardy.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň hormatyna hormatly garawul hatary düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidentini Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Related posts

Kabinede mini revize

vepa

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat

Türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-njy mejlisine gatnaşdy