DÜNÝÄ

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Aşgabatda 31-nji martda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek, şeýle-de umuman ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine seretdiler.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini we Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmen-eýran serhedinde söwda-ykdysady zolaklaryny döretmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri

Tramp Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar