DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň köpçülikleýin diplomatiýa we jemgyýetçilik işleri boýunça orunbasary Sara B. Rojers, 2026-njy ýylyň 27-nji maýy – 10-njy iýuny aralygynda Günorta we Merkezi Aziýa amala aşyrjak resmi saparynyň çäginde Türkmenistana geler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habar bermegine görä, bu saparyň dowamynda Hindistana, Nepala we Özbegistana hem baryp görler.

Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, bu sapar Rojersiň 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda wezipä girişeninden bäri Merkezi Aziýa amala aşyrjak ilkinji sapary bolar.

Rojers Departamentiniň daşary ýurtly diňleýjiler bilen gatnaşyk saklamak ugrundaky tagallalaryna ýolbaşçylyk edýär, bilim we medeni alyş-çalyş maksatnamalaryna gözegçilik edýär hem-de ABŞ-nyň köpçülikleýin diplomatiýa maksatlaryny öňe sürýär.

Related posts

Türkmenistan Ýewraziýada halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Russiýadaky saýlawlar üçin 2750 adam ses berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda iş saparynda bolar