DÜNÝÄ

ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň duşuşyklarynyň netijeliligi bellenildi.

Taraplar, hususan-da, amerikan kompaniýalarynyň Turkmenistandaky köp ýyllyk işleriniň netijeliligini we elektrik energiýasy, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda, şol sanda “John Deere”, “General Electric” we “Boeing” ýaly kompaniýalar bilen bilelikdäki işewürlik şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegini aýratyn nygtadylar.

Diplomatlar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryna üns berip, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjyny beýan etdi.

Duşuşykda ýokary tehnologiýalar we bank-maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Bakanlar Kurulunda mini revize

vepa

Täze ýylyň ilkinji güni 370 müň bäbek dünýä indi