DÜNÝÄ

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň goşmaça sekretarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Pakistanyň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň möhümdigini bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykdan soň taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag we energetika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Aşkabat-Türkmenabat otobanı hayata geçiyor

vepa

Awazada Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy

Beýik Britaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi