JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zambiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Telefon söhbetdeşliginde syýasy, diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji Maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine garadylar.

Mälim bolşy ýaly, Zambiýa Respublikasy 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ulag ministrleriniň maslahatyna hem işjeň gatnaşdy.

Related posts

“Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşyk

vepa

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Döwlet serhedini kesgitlemek boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň düzümi tassyklandy

Ata Watan Eserleri