SPORT

“Bawariýanyň” 34-nji çempionlygy, Keýniň ilkinji kubogy

Angliýadan we Fransiýadan soňra Germaniýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 2024-25-nji möwsüminiň çempiony belli boldy. “Bawariýa” topary 34-nji gezek ýurduň çempionlygy diýen adyň eýesi boldy.

Dynç güni çempionatda ikinji orunda barýan “Baýer” toparynyň myhmançylykda “Fraýburg” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnandan soňra “Bawariýanyň” çempionlygy belli boldy. Çempionatyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda “Bawariýa” 76 utuk, “Baýer” bolsa 68 utuk jemledi.

Şeýlelikde, “Bawariýa” topary 1 ýyldan soňra çempionlygyny gaýdyp aldy. 34-nji gezke çempion bolan bu topar rekordyň hem eýesidir. Germaniýada 9 gezek “Nýurnberg” we 8 gezek “Borussiýa” topary çempion boldy.

“Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş edýän iňlis futbolçy Garri Keýn bolsa, özüniň professional futbol karýerasyndaky ilkinji kubogyny gazandy. 2023-nji ýylda Angliýanyň “Tottenhem” toparyndan “Bawariýa” geçen Keýn şu möwsümde 44 duşuşykda 36 gol geçirdi.

Related posts

Türkmenistan Aziýanyň boks konfederasiýasynyň kongresine gatnaşdy

«Arkadag» futbol topary Ronaldonyň topary bilen duşuşyp biler

“Çelsi” Sançony aldy, Sterlingi “Arsenala” iberdi