DÜNÝÄ

Tramp ilkinji daşary ýurt saparyny Saud Arabystanyna amala aşyrar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň ikinji prezidentlik döwrüniň birinji daşary ýurt saparyny Saud Arabystanyna amala aşyrar.

– Bu sapar belki aprelde, belki-de has soňrak bolar – diýip, Tramp Ak Tamda žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda Saud Arabystanyna amala aşyrjak sapary barada belläp geçdi.

Amerikanyň Prezidenti şol bir wagtda Katar we ýene-de birnäçe döwletde saparda bolmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti Donald Tramp Ýakyn Gündogar döwletleri bilen oňat gatnaşyklaryň bardygyny belläp, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygy ABŞ-a 1 trillion dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny belläp, munuň Amerikanyň kompaniýalary üçin oňat mümkinçilik boljakdygyny belläp geçdi.

Amerikanyň metbugaty Trampyň ilkinji saparynyň maý aýynda bolmagyna garaşýar.

Related posts

Türkmen Lideri Daşoğuz’da

vepa

Olaf Şolz Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri