DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian 11 ýyldan soňra Müsüre bardy. Ol bu ýerde “D-8” (“Ylam sekizligi”) guramasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar.

Eýranyň Prezidentindne başga-da bu duşuşyga Türkiýäniň, Pakistanyň, Malaýziýanyň, Indoneziýanyň, Müsüriň we Bangladeşiň ýolbaşçylary gatnaşar.

Pezeşkian bu duşuşygyň ähmiýetini belläp, yslam ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmalydyklaryny aýtdy.

19-njy dekabrda öz işine başlan “D-8” duşuşygy “Ýaşlara maýa goýmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak: ertiriň ykdysadyýetini emele getirmek” şygary esasynda geçirilýär.

Bu gurama 1997-nji ýylda Türkiýäniň şol döwürdäki Premýer-ministri Nejmettin Erbakanyň başlangyjy bilen döredildi.

Related posts

Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek maslahatlaşyldy

Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

Hyrat şäherinde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi