DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, doganlyk halklaryň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Iň kiçi kubik

Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

ÝB bilen Hindistan ösüp barýan döwletleri goldar