DÜNÝÄ

Kamala Harris wise-prezident dalaşgärini saýlady

Şu ýylyň 5-nji noýabrynda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlary üçin Demokrat partiýasynyň dalaşgärligine ymtylýan wise-prezident Kamala Harris özüniň geljekki wise-prezidenti üçin dalaşgärini saýlady. Ol Minnesota ştatynyň gubernatory Tim Uolz boldy.

Tim Uolz Nebraska ştatynda 1964-nji ýylyň 6-njy aprelinde dünýä indi. Ol Nbraska ştatynda jemgyýetçilik bilimleri boýunça Çadron kolležini tamamlady we bakalawr bilimini aldy.

1981-nji ýylda ol ABŞ-nyň Milli gwardiýaysnyň guryýer goşunlarynyň düzüminde gulluk edip, bu ýerde 24 ýyl zähmet çekdi. Soňra Minnesotada geografiýa mugallymy we futbol tälimçisi bolup işledi.

2017-nji ýylda ol Minnesota ştatynyň gubernatory saýlawlaryna gatnaşmak kararyna geldi we 2018-nji ýylda ýeňiş gazandy. 2022-nji ýylda Tim Uolz Minnesota ştatynyň gubernatory wezipesine gaýtadan saýlandy.

Related posts

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ses bermek dowam edýär