SPORT

Kilian Mbappe Fransiýada futbol topary satyn alýar

Üstümizdäki möwsümde erkin futbolçy hökmünde Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçen fransuz ýyldyz Kilian Mbappe öz ýurdunda futbol toparyny satyn alnýar. 25 ýaşyndaky futbolçy munuň üçin 20 million ýewro golaý maliýe serişdesini gönükdirer.

Fransuz ýyldyz futbolçy bir döwürler futbol oýnan “Kaen” toparynyň paýnamalarynyň bir bölegini stayn alar. Fransiýanyň metbugatynyň habaryna göeä, Mbappe toparyň paýnamalarynyň 80 göterimini alar. Munuň üçin takmynan 15 million ýewro tölär. toparyň galan 20 göterimlik paýnamasy Pýer-Antoine Kaptonda galar.

25 ýaşyndaky Mbappe “Kaen” toparynyň düzüminde ýetişipdi. 13 ýaşynda bu toparda oýnan döwründe “Monako” topary bilen şertnama baglaşypdy.

“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, Kilian Mbappeniň baýlygynyň möçberi 180 million dollara deňdir.

Related posts

“Instagramda” 500 million yzarlaýjysy bolan ilkinji adam

Ildeşimiz Gyrgyzystanda «Iň gowy derwezeçi» diýlip yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ronaldo 1-nji fewralda duşuşar

Ata Watan Eserleri