DÜNÝÄ

Eýranda prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçirilýär

Eýran Yslam Respublikasynda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry başlady. Ýurduň çägindäki ähli saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen 08:00-da açyldy. Saýlawlaryň deslapky netijeleri 6-njy iýulda günüň birinji ýarymynda yglan ediler.

Prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyrynda 69 ýaşyndaky ozalky saglygy goraýyş ministri Masud Pezeşkiýan we 58 ýaşyndaky konserwator Said Jalili bäsleşer.

Saýlawlaryň birinji tapgyry 28-nji iýunda geçirildi. Şonda Pezeşkiýan we Jalili degişlilikde 44 göterim we 40 göterim ses aldy.

Her iki dalaşgär ykdysady we durmuş ösüşi hem-de ýurduň durnukly ösüşini gazanmak barada tagalla etjekdiklerini mälim etdi. Pezeşkiýan ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda iş alyp barjakdygyny belledi.

Related posts

Gazagystanda referandum geçirilýär

Makron täzeden prezidentlige saýlandy

Sony kompaniýasynyň ady üýtgedildi