JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatyndaky dini ýygnanyşykda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren pajygaly basa-baslyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Ar­sen Şahuns:«Türk­me­nis­tan he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar»

Ata Watan Eserleri

4-nji noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Erciyes üniversitesi YÖS 26 Mayısta

vepa