JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemir Türkmenistanda restoranyny açdy

Ata Watan Eserleri

Ocak-Şubat döneminde yüzde 32 artış

vepa

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri