DÜNÝÄ

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine saparynyň çäklerinde türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyna awstriýa tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň Federal zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysady meseleler, innowasiýa we halkara syýasaty boýunça baş müdiri Florian Frauşer we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Taraplar hususan-da türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 12-nji mejlisiniň guramaçylyk meselelerini hem ara alnyp maslahatlaşdylar. Toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýun aýynda Awstriýa Respublikasynda  geçirmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Merkezi Aziýa-ABŞ işewürler forumy geçiriler

Ilkinji onlaýn söwda dükany işe başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar