DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 21-24-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisine gatnaşdylar.

Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisi «Aziýada durnukly ösüş üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly temada geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Adam hukuklarynyň we demokratik gymmatlyklaryň esasy ýörelgelerini goramaga goşant goşmagyň ähmiýeti, şeýle hem halkara hukugynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň  ýerine ýetirilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Related posts

Täze sanjymlar goşuldy

vepa

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary Izmirde tanyşdyryldy

vepa

Ilçi: 2025-nji ýylda türkmen-azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygy has-da berkedi