Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Arkadag şäheri – bagtyň säheri

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Görüň, gül roýuny bezäpdir zerden,

Säherleri aýdyň, gijesi dürden,

Saňadyr yhlasym, bu yşgym her dem,

Gül goýnuň jennetiň baky bahary,

Arkadag şäheri – bagtyň säheri.

 

Ýetmek bardyr arzuwlaryň ajabna,

Çagyryş bar toýly günleň gujagna,

Bereket ýagdyryp türkmen ojagna,

Gül goýnuň jennetiň baky bahary,

Arkadag şäheri – bagtyň säheri.

 

 

Ýörelgesi yklymlara abatlyk,

Höküm sürýär agzybirlik, rahatlyk,

Köňüllere getir ylhamdyr şatlyk,

Gül goýnuň jennetiň baky bahary,

Arkadag şäheri – bagtyň säheri.

 

 

Giň sähranyň gülleri dek gülleýän,

Watanyň waspyny dilden goýmaýan,

Arkadagly Serdara ömür dileýän,

Gül goýnuň jennetiň baky bahary,

Arkadag şäheri – bagtyň säheri.

 

Aýparça Akymowa.

,,Maru-şahu jahan” welaýat  gazetiniň uly habarçysy.

Related posts

Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Erciyes üniversitesi YÖS 26 Mayısta

vepa

Leave a Comment