SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Günorta Koreýa, Çehiýa we Germaniýa ýük gatnawlaryny ýola goýar

Türkmenistan uçarlar arkaly halkara ýük gatnawlaryny artdyrmak ugrunda giň tagallalar edýär. Muňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, satyn alnan  «Airbus A330-200» kysymly ýük uçary Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamak boýunça ilkinji gatnawyny ýerine ýetirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, 2023-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, Aziýa döwletlerinden Koreýa Respublikasyna, Ýewropa döwletlerinden, hususan-da, Çehiýa Respublikasyna, Germaniýanyň Frankfurt şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Ýokarda agzalan ýük gatnawlaryny ýola goýmak Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistana hem-de Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna ýükleri ugratmak, şeýle hem yzygiderli üstaşar gatnawlary ýola goýmak maksat edinilýär.

 

Related posts

Saglyk öýleriniň gije-gündizleýin işleýän telefon belgileri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Türkiýe uçuşlary haçan başlaýar

Ata Watan Eserleri

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Leave a Comment