JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti noýabr aýynda BAE-de saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolar. Bu barada “orient.tm” neşiri BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Instagram” jemgyýetçilik toruna salgylanyp habar berýär.

BAE-niň Prezidenti Muhammed b’n Zayed al Nahaýanyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda resmi sapary guralar. Bu saparyň guramaçylyk meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameliniň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň  dolandyryjy geňeşiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem gatnaşdy.

Related posts

Putin, Szinpin we dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini gutlaýarlar

Ahalteke bedewi – Gazagystanyň täze medeni nyşanyna öwrüldi

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Leave a Comment