SPORT

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi. Bu barada AFK resmi saýtynda habar berdi.

2020-nji ýylda COVID-19 hadysasynyň ýüze çykmagy bilen, Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklary eýýäm ikinji gezek yza süýşürilýär. Başky meýilnama boýunça deslapky saýlama tapgyry iýun aýynda tamamlanmalydy. Ýöne AFK ony şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlaryna süýşürdi. Ýöne döwletleriň köpüsinde koronowirus bilen bagly ýagdaýyň kadalaşmandygy sebäpli, indi bu oýunlar 2021-nji ýyla geçirildi.

Konfederasiýa duşuşyklary täze seneleri barada goşmaça habar bermekçi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa boýunça saýlama ýaryşlaryň «H» toparçasyna wekilçilik edýär.    

Related posts

Seýitjan Mirzaýew hem «kiçi» bürünç medal gazandy

Pekin-2022: Russiýanyň ilkinji altyn medaly we medallaryň sanawy

Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygy futbol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri