MEDENIÝET

23 ýyldan soňra “Gladiator” dolanyp gelýär

11 ugur boýunça Oskar baýragyna dalaşgär görkezilen hem-de “Iň gowy film” bilen bir hatarda 5 baýraga mynasyp bolan 2000-nji ýylda surata düşürilen “Gladiator” filminiň dowamyny surata düşürmek meýilleşdirildi. “Awatar” filminden soňra “Gladiator” filminiň hem 2-nji bölegini surata düşürip, kino tomaşaçylara hödürlemek maksat edinilýär.

Ridli Skot tarapyndan surata düşürilen bu filmiň üstündne 23 ýyl geçendigine garamazdan entegem şol meşhurlygyny saklap gelýär. Filmiň baş gahrymanlaryndan Rassel Krou bu film bilen has-da meşhur bolupdy.

85 ýaşyndaky režissýor 2000-nji ýylda surata düşüren Rassel Krou tarapyndan rim generaly Maksimusyň keşbi bilen imperator Mark Awreliýudan ar alşy baradaky gahrymançylykly filminiň 2-nji bölegi üçin aktýorlary jemleýär.

Meşhur režissýor ilkinji filminde Rim imperiýays barada köp sanly ylmy-barlag işlerini geçirmändir. Ol käbir suratlara göz aýlap, bu filmi surata düşürmäge girişipdir. Täze filmi üçin bolsa, imperiýanyň taryhy barada gyzyklanma bildirýär.

 

Related posts

Aktýor we aktrisalar üçin kasting: Täze kinoserialda täze mümkinçilik

Ata Watan Eserleri

Teýlor Swift bäşinji gezek rekord goýdy

Döredijilik bäsleşikleri: Garaşsyzlyk baýramyna sowgatly barmaga mümkinçilik

Leave a Comment