DÜNÝÄ

120 gün suwuň aşagynda ýaşap, rekord goýdy

Germaniýaly aerokosmos inženeri Rudiger Koh 120 gün suwuň aşagynda ýaşap, dünýä rekordyny goýdy.

Ol Karib deňziniň 11 metr çuňlugynda ýörite kapsulada ýaşady we bu kapsula bir adamyň gündelik durmuşynda zerur bolan zerurlyklar bilen üpjün edildi. 30 inedördül metr meýdany bolan kapsaulada ýatmak üçin ýatak, telewizor, kompýuter, internet we sport maşklary üçin enjam oturdyldy.

Germaniýaly inženeriň gündelik durmuşy 4 sany oturdylan kamera arkaly hasaba alyndy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň emini Susana Reýes Rudiger Kohuň mundan ozal amerikaly Jozef Diturä degişli bolan rekordy täzeländigini habar berdi. Amerikaly raýat suwasty öýde 100 gün galypdy.

Kapsulada germaniýaly inženere gündelik nahar hem-de onuň ýanyna zerurlyk bolanda degişli adamlaryň we lukmanyň barmagy üçin şert döredildi.

Kapsulanyň elektrik üpjünçiligi Gün panelleri arkaly amala aşyryldy. Şeýle hem ätiýaçdan generator oturdyldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Atavatan Türkmenistan dergisi, gazeteciler arasında dama turnuvası başlattı

vepa

Owganystan Yslam Emirligi Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürer