BIZNES

100 tonna polietilen eksporta ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $122 müň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada biržanyň saýtynda bellenilip geçilýär.

Şweýsariýanyň we Owganystanyň wekilleri umymy bahasy $112 müň bolan TPP Z 30 G görnüşli polietileniň jemi 100 tonnasyny satyn aldylar. Işewürler harydyň bir tonnasyny $1 220 bilen bahalandyrdylar. Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Related posts

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Türkmen senagatçylary we telekeçileri hindi işewürleri bilen wideo-duşuşyk geçirmäge çagyrylýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet: elektron söwda ýaýbaňlandyrylýar

vepa

Leave a Comment