SIZDEN GELENLER

Ýaponiýada ýerine ýetirilmeli däp-dessurlar barada maglumatlar

  1. Aýakgabyňyzy çykaryň.

Ýapon medeniýetinde pollara we tatami matalarynyň mümkin boldugyça arassa bolmagyny üpjün etmek üçin bir jaýa gireniňizde aýakgabyňyzy çykarmak gowy we möhüm edep hasaplanylýar.

Bu hili arassaçylyk köp öý hojalyklarda we restoranlarda talap edilýär, adamlar pola ýakyn tatami düşeginde iýýärler, krowatdan tapawutlylykda tatami düşeginde ýatmak hem adaty zat. Mundan başga-da, ähli otaglarda diňe jorap ýa-da aýakýalaňaç hereket etmegiň ýerine, dürli otaglarda aýratyn görnüşli aýakgap geýmek däpdir.

  1. Salam bereniňizde baş egiň.

Baş egmegiň töwereginde hem dürli däp-dessurlar bar, ýöne ähli aýratynlyklary biljek bolup alada etmäň – umuman, ýaponlar daşary ýurtlylardan bu däbi dogry ýerine ýetirmäge garaşmaýarlar. Ýöne esasy zat däp-dessur hökmünde, birine hormat bilen salam berende baş egmeli. Bu kelläniň birneme baş atmagyndan biline doly egilmekden üýtgäp biler. Näçe uzyn we çuň egildigiňçe, şonça-da hormaty aňladýar – ýöne muny her gezek artykmaç borçly ýaly duýmaň! Maslahat – elleriňiz bilen döşüňiziň öňünde baş egmekÝaponiýada däp däl.

  1. Omiýage: Iýmit sowgadyny getiriň.

“Omiyage” düşünjesi, ýakynlaryňyza we işdeş kärdeşleriňize uzak ýa-da gysga, halkara ýa-da içerki syýahatlardan yzyna getirmek üçin ýadygärlik diýlip terjime edilýär. Şonuň üçin hem demir ýol menzillerinde we howa menzillerinde azyk önümleri bilen doldurylan dükanlaryň bardygyny görersiňiz.

Ýadygärlikler düşünjesi bilen hemmämiz tanyş bolsak-da, Ýaponiýada dükandan satyn alan zadyňyz berilmegi we alynmagy üçin garaşylýan sowgat hökmünde kabul edilýändgine düşünmeli. Mundan başga-da, aýratynlyklarynyň ýene biri, omiýage sowgat gutularynda iýilýän ýadygälik sowgatlary bolmagydyr, ýöne naharlaryň görnüşi, elbetde baryp gören ýerleriňize baglydyr; mysal üçin Ýaponiýanyň dürli sebitlerinde dürli görnüşli nahar satýarlar, matça tagamly naharlar ýa-da moçi ýaly önümleri has däp.

  1. Unaşy şapyrdadyp iýmek bolar.

Umuman, nahary şowhunly iýmek Ýaponiýada halanylmaýan bir zat hökmünde görülse-de, gyzykly tarapy, şol bir wagtyň özünde unaşy şapyrdadyp iýmek amatly hasaplanylýar.

  1. Taksiniň gapylaryny kakmaň.

Ýapon däp-dessurlaryndan, bu esasanam ilkinji sesde “nämä garaşmaly” bolmagyňyzy üpjün edip biler. Ýapon taksileriniň arka gapylarynyň awtomatiki usulda açylýandygyny eşiden badyňyza many berer, ýagny gapy tutawaçlaryna-da degmeli bolmaz. Aslynda olara degmezligiňiz taksi sürüjileriniň düzgüni.

  1. Wiza kartlarynyň ähmiýetini biliň.

        Ýaponiýada “meishi” diýlip atlandyrylýan, şeýle hem “wiza kart” hökmünde terjime edilýän, wiza kartlaryny alyşmak Ýaponiýanyň medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň, esasanam iş dünýäsiniň möhüm bölegi we ýaponlar bilen iş alyp barmak isleseňiz, jikme-jik bilmelisiňiz. Wiza kartlaryny alyş-çalyş etmek, otagdaky her kimiň derejesi boýunça hereket etmek has ýokary wezipeli adamlaryň jogapkärçiligi ýa-da artykmaçlygydyr.

  1. Kimonony dogry geýmek möhümdir.

Kimono ýapon däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegidir, şonuň üçin kimono geýmek isleseňiz, kimonony nädip geýmelidigini bilmek möhümdir. Formal derejesine baglylykda dürli ýagdaýlar üçin dürli kimonolar bar. Kimonony geýmek üçin esasy maslahat: aýallar we erkekler üçin kimonos çepden saga, ABŞ-daky aýallaryň eşikleriniň tersine. Käbir kimonolar bilen nädogry tarapyny üstünde goýsaňyz, derrew bilersiňiz, sebäbi bu nagşy keser. Muňa garamazdan ýadyňyzdan çykarmaň, çepden saga!

Kimononyň özüni nädip geýmelidiginden başga-da onuň bilen belli bir ak jorapgeýmelidigini hem bilmelisiňiz.

  1. Taýajyklary (çopstikleri) nädip ulanmalydygyny bilmelisiňiz.

Has amatsyzrak ýagdaýda çarşaga geçip bilersiňiz, ýöne taýajyklar ýapon aşhanasynda iýmegiň açarydyr. Suşiden başlap, unaşa çenli ähli tagamlar gural hökmünde taýajyklarda iýilýär we olary nädip ulanylmalydygyny bilmeýän ýapon adamyny tapmakda kynçylyk çekersiňiz.

  • Iýmitiňizi taýajyklar bilen kesmek ýa-da iýmitiňizde dik goýmak ýerliksiz hasaplanylýar. Mysal üçin, taýajyklary tüwiniň içine dik goýmak jaýlanyş däpleri bilen baglanyşyklydyr.
  • Tempura ýaly uly iýmiti bölmeli bolsaňyz, elmydama ony taýajyklar bilen göterip dişläp iýmelidir.
  • Iýip bolanyňyzdan soňra, taýajyklary çepe seredip, öňüňizde goýup bilersiňiz.
  1. Metro düzgünlerine eýeriň.

Her gün metro we otly ulanýanlaryň köp bolmagy sebäpli käbir resmi düzgünler girizildi. Şonuň netijesinde Ýaponiýadaky metro we otlylar mydama owadan teripde gidýän ýaly. Iň esasy bilmeli zadyňyz gaty köp ýer almaly däl (goş-golamyňyzy ýanyňyzdaky oturgyçda goýmak ýaly), ýuwaş bolmaly (bu hem telefonyňyzy hem aňladýar). Ýöne bularyň hemmesi umumy manyda bolmaly!

  1. Anime geýmek.

Ýaponlar diňe bir ajaýyp animasiýa görnüşi bolan anime oýlap tapman, eýsem kosplaýy hem meşhur etdiler. Häzirki wagtda iň gowy görýän anime keşbiňiz ýaly geýnen şäheri aýlanmak, esasanam Tokio ýaly uly şäherde aýlanmak adaty zat. Islendik bir ajaýyň kosplaý we Lolita eşiklerini görmek isleseňiz, ýa-da has gowusy özüňiz geýmek isleseňiz, Tokionyň Harajuku şäherine gidip bilersiňiz.

 

Çeşmesi: https:// buсketlistjourney.net

                       Iňlis dilinden terjime eden: Agajanowa Gülälek,

                                        Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

                                          “Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň

                                           talyby.

 

Halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi kämilleşdiriler

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys