JEMGYÝET

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

2024-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Halkara çäresiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagynyň okalmagy bu çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

          Bu giň möçberli halkara çäresine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 40-dan gowragy hem-de Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Azerbaýjan  Respublikasy ýaly döwletlerden  70-e golaý kompaniýalar gatnaşýar. 

           Türkmenistanyň aragatnaşyk we teleradioýaýradyş ulgamlaryny ösdürmek boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek barada kompaniýalar tarapyndan  taslamalaryň hödürlenmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.

          Halkara çäresiniň dowamynda geçirilýän ylmy maslahatda sanly transformasiýa, sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk çözgütleri barada özara pikir alyşylar we tejribeler paýlaşylar.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty 16-njy noýabra çenli dowam eder.

Related posts

Türkmen metbugatynda-12.02.2019

vepa

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti 16-17-nji noýabrda Özbegistanda döwlet saparynda bolar