TEHNOLOGIÝA

Hytaýda uçarmansyz ýolagçy taksilerine ygtyýarnama berildi

Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirligi “EHang Holdings” hem-de ” Hefei Hey Airlines” kompaniýalaryna uçarmansyz ýolagçy taksilerini täçirjilik maksatly ulanmagy üçin ygtyýarnama berdi. Bu barada ýerli metbugat habar berýär.

Bu ygtyýarnama kompaniýalara ýolagçy hem-de syýahatçylyk maksatly uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

HHR-iň Raýat awiasiýasy müdirliginiň çaklamalaryna görä,  2025-nji ýylda pes ýokarlykdaky awiasiýa bazarynyň möçberi 1.5 trillion ýuan (210 mldr $) deň bolup, 2035-nji ýylda bu görkeziji 3.5 trillion ýuan (490 mlrd$) möçberine ýeter.

Bu pudagyň esasy bäsdeşleri “Xpeng” we “Geely” kompaniýalary bilen bir hatarda “Boeing” we “Airbus” bolup durýar.

Related posts

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

Kompaniýanyň özboluşly harytlarynyň biri bolar

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy :Ulaglaryň ortaça tizligi anyklanýar