SPORT

Golowin ― «Ýewro-2020»-niň birinji tapgyrynda iň köp «menzil söken» futbolçy

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Aleksandr Golowin Belgiýa bilen geçirilen oýunda (0: 3) 12,4 kilometr aralygy geçdi.

Bu Ýewropa çempionatynyň birinji tapgyryndaky iň gowy netijedir.

Şol bir duşuşykda rus toparynyň başga bir ýarym goragçysy Magomed Ozdoýew bolsa 11,8 kilometr aralygy geçdi, bu bolsa birinji tapgyryň netijeleriniň arasynda bäşinji orundadyr.

Eýsem, aralykdaky dörtlükde kimler barka? Geliň, ilkinji bäşlik bilen tanyş bolalyň!

1. Aleksandr Golowin (Russiýa / «Monako») ― 12,4 kilometr

2. Adam Nagý (Wengriýa / «Bristol Siti») ― 12 kilometr

3-4. Wladimir Darida (Çehiýa / «Gerta») ― 11,9 kilometr

3-4. Leander Dendonker (Belgiýa / «Wulwerhempton») ― 11,9 kilometr

5. Magomed Ozdoýew (Russiýa / «Zenit») ― 11,8 kilometr
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yewro-2020-angliya-yenis-gazanyp-bilmedi/

Related posts

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Ýewropada möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlandy

Ata Watan Eserleri

Waran “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýär