JEMGYÝET

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen 23-nji martda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Abbas Arakçi bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Related posts

Özbegistanda «Ahalteke bedewi-halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahat geçirildi

…çagasyna näme diýilýär?

Ata Watan Eserleri

Uzak aralykdan okatmak ulgamy giňeldiler

Ata Watan Eserleri