Gazagystan Ermenistana Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamagy teklip etdi
27 — 31-nji martda Ýerewanda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Gazagystanyň «Astana» diplomatik klubunyň işewürlik forumy geçirildi. Forumyň çäginde logistika, senagat, IT we söwda ýaly dürli pudaklarda işleýän işewür wekilleriň arasynda B2B gepleşikleri geçirildi. Işewürlik forumynyň dowamynda «Astana» diplomatik klubunyň prezidenti Kaýrbolat Sahmetow ermeni ýük daşaýjylaryna «Eýran — Türkmenistan — Gazagystan» ulag geçelgelerinden has işjeň peýdalanmagy teklip etdi. «Eýran bilen serhetleşýändigiňiz...
