JEMGYÝET

Hytaýda «Teslanyň» şahamçasy açyldy

Ýakynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde «Tesla» kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Onuň açylyş dabarasyna kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň hut özi gatnaşdy.

Gurluşygy bir ýyla golaý wagtlap dowam eden zawod şu ýylyň ahyrynda «Tesla Model 3» awtoulaglaryny satyp başlar. Hytaýda öndüriljek bu elektrokarlaryň bahasynyň ortaça 50 müň dollar bolmagyna garaşylýar. Ýagny, Hytaýdaky «Tesla Model 3-ler» ABŞ-da öndürilen kowumdaşlaryndan arzan bolar.

Täze zawodyň açylyş dabarasyna Şanhaýyň meri In Ýun we beýleki hormatly myhmanlar hem gatnaşdy. Ilon Mask açylyş dabarasynda eden çykyşynda ýakyn geljekde Hytaýdaky zawodda «Model Y» krossowerleriň hem öndüriljekdigini habar berdi.

Hytaýdaky zawod «Teslanyň» daşary ýurtlardaky ilkinji şahamçasydyr. Zawodda şu ýyl 150 müň, geljek ýyllarda bolsa 250 müňe çenli «Model 3» öndürmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Altymyrat Orazdurdyýew : Sport ussadynyň durmuş ýoly

vepa

Çagalykdan kämillige tarap…

vepa

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär

Ata Watan Eserleri