JEMGYÝET

Hytaýda ýylyň smartfony saýlanyldy

Hytaýyň «China Mobile» kompaniýasy ýakynda her ýyl taýýarlaýan ýyllyk hasabaty bilen çykyş etdi. Hasabatda ýylyň iň gowy smartfonlary barada hem aýdylýar. Köpçüligiň ses bermegine görä, «Huawei Mate 30» Hytaýda «Ýylyň iň gowy smartfony» diýlip yglan edildi.

Aýdylyşyna görä, «Huawei Mate 30 Pro 5G» smartfony häzirki wagtda 5G tizlikdäki interneti bökdençsiz işletmek boýunça iň gowy smartfondur. Şeýle onuň oýun oýnamak mümkinçilikleri hem 5 utuk aldy. Wideoşekilleriň hili boýunça iň ýokary ses «Huawei Mate 30 Pro-a» berildi.

«China Mobile» tarapyndan berilýän hasabatda nygtalyşy ýaly, «Mate 30» ýokary kuwwatlykly «Huawei Kirin 990» ýadyna, signal tutujylygy güýçli antenna, gyzgynlyga çydamlylyga hem eýedir. Mahlasy, «Huawei Mate 30 Pro 5G» şu ýyl Hytaýda «iPhone 11 Pro Max» bilen «Oppo Reno Ace» ýaly smartfonlary hem yzda galdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi