DÜNÝÄ

Dost-doganlyk owazlary ýaňlandy

Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 96 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministrlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzda ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli- sazly drama teatrynda bugün konsert geçirildi. Konsertde Türkiýe döwletiniň sungat ussatlary sopranoda Filiz Güneş, tenorda Oğuz Çimen, pianinoda Tugçe Doruk we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş etdiler. Konsertiň ilkinji ýaňlanan owazy Resul Gylyjowyň sazandarlyk etmeginde belli meşhur kompozitorymyz Daňatar Öwezowyň “Aýna” atly sazy ýaňlandy. Soňra bolsa, Filiz Güneşiň ýerine ýetirmeginde fransuz operasyna tomaşa etdik. Yzy bilen, türkmen halkynyň söýgüli kompozitory, taryhda adyny altyn harplar bilen yz galdyran Nury Halmammedowyň “Nar agajy” sazy simfoniki orkestrymyz tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, türk doganlarymyzyň saz sungatyndaky meşhur aýdymlar opera bolup tomaşaçylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Konsertiň soňunda bolsa, türkiýeli sungat ussatlary Nury Halmämmedowyň meşhur sazlary bolan “Aşgabat” we “Türkmen sährasy” sazlaryna düzülen aýdymlaryny şirin owaz bilen ýaňlandyryp jemlediler. Türkmen halkynyň meşhur aýymydyr, sazynyň goňşy döwletlerimiziň medeniýetinde diňlemek buýsanç beriji bolsa gerek.

Ýene-de okaň

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

Tramp işewür Maska täze hökümetde iş teklip etdi

Özbegistan howa ýitgileri we zyýany boýunça halkara merkezi döretmegi teklip etdi

Täjigistan 2037-nji ýyla çenli dolulygyna “ýaşyl” ýurt bolar

Ata Watan Eserleri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatdaky ulag forumyna çagyryldy