JEMGYÝET

Müň üstünligiň bir şowsuzlygy

Golliwudyň dünýä belli ýyldyzy Leonardo Di Kaprionyň dürli filmlerde döreden keşplerine siz hem uly söýgi bilen tomaşa edensiňiz. «Titanikden» soň has uly şöhrata eýe bolan aktýor, aslynda, käbir döreden keşplerini halanok. Eýsem ol haýsy filmdäki keşbini halamaýarka?

Bu sowala aktýoryň özi jogap berdi. Metbugata beren interwýusynda ol «Dons Plam» çaýhanasy» filminde döreden keşbini halamaýandygyny aýtdy. Aktýoryň ýaşlyk ýyllarynda, heniz tejribesizkä döreden bu keşbinde, onuň pikirine görä, tejribesizlik öz ýüzüni doly görkezipdir.

― Men bu keşbe bary-ýogy bir gije taýýarlandym. Onda-da ony öz başardygymdan döretmäge çalyşdym ― diýip, aktýor film barada gürrüň berýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu film 1995 ― 1996-njy ýyllarda surata düşürildi. Şol wagt Di Kaprio 21 ýaşyndady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi