JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň barşynda milletler bileleşigine Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny görkezdi.

Bu Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmagynda Nýu-Ýorkda görkezýän birinji milli syny bolup durýandyr. EKOSOS-yň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän ýokary derejeli mejlisde çykyş etmek bilen Türkmenistanyň wekiliýeti Forumyň gatnaşyjylaryny ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, DÖM-nyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýan esasy milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy. Çykyş wideo-görkezilişi bilen utgaşdyryldy, ol wekillere milli derejede gazanylan esasy görkezijileri, sebit hem-de halkara derejesinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tekliplerini wizual ýagdaýda görkezdi. Has takygy, içeri hem-de daşary syýasatyň ulag, energetika we ekologiýa ýaly ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Esasy görkezilişiň jemlenmegi boýunça DÖM-nyň ýaş Ilçisi çykyş etdi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň wekili ýaş nesliň adyndan Ýokary derejeli foruma ýüzlenmegi üçin BMG tarapyndan saýlanyldy. Forumyň başlygy hem-de oňa gatnaşyjylar öz teswirlerinde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň çekilmegi boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, ýurduň bu ugurdaky syýasatynyň DÖM-nyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň mysaly bolup biler diýip aýratyn nygtady.

Global wezipeleriniň hem-de görkezijileriniň özarabaglanşygynyň seljermesinde öz beýanyny tapýan innowasion çemeleşmäniň ulanylmagy Türkmenistanyň MMS-nyň tapawutlandyryjy aýratynlygy bolup durýandyr.

Esasy çykyşlaryň tamamlanmagy boýunça interaktiw dialog geçirildi, onuň barşynda BMG-niň agza-döwletleriniň wekiliýetleri Türkmenistanyň wekillerine sowallary bermäge hem-de edilen çykyşlary teswirlemäge mümkinçilik aldylar.

Şol gün türkmen wekiliýeti Baş Sekretaryň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Lýu ÇŽenmin, Baş Sekretaryň orunbasary, BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow hem-de Baş Sekretaryň syýasy meseleler we parahatçylygyň dikeldilmegi meseleleri boýunça Kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşyklary geçidiri.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len stra­te­gik gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär

Da­şo­guz we Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da bug­daý ora­gy baş­lan­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry

Ata Watan Eserleri

Braziliýa 23-nji, Ekwador 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

«Turkmentextile Expo-2025»: ýerli we halkara moda görkezilişi

Ata Watan Eserleri