JEMGYÝET

Hindistanda gar adamyň yzyna gabat gelindi

Gar adam baradaky gürrüňler rowaýatmy ýa-da hakykat?! Dürli döwürlerde dürli wakalar bilen bu gürrüňler hakykata ýakynlaşdyryldy. Şeýle wakalaryň ýakynda Hindistanda hem ýüze çykdy.

Has takygy, Hindistanyň Goşunynyň harby alpinistlerinden ybarat topar Gimalaý daglarynda gar adamyň yzyna gabat geldiler. Bu barada daşary ýurt neşirlerindäki habarlarda ýazylyşyna görä, aýak yzlarynyň uzynlygy 81, ini bolsa 38 santimetre deň. Bu yzlara Nepal bilen serhetdäki Makalu daglarynda duş gelindi.

Harby alpinistleri yzlary surata düşürip, alymlara tabşyrdylar. Häzirki wagtda alymlar bu yzlar bilen bagly hakykatyň üstünde iş alyp barýarlar.

Gimalaýda şeýle yzlara gabat gelnişi birinji gezek däldir. Şeýle ahwalat 2007-nji ýylda hem bolup geçipdi. Şu maglumatlardan çen tutsaň, gar adam baradaky gürrüňiň juda bir hakykatdan daş däldigine ynanasyň hem gelýär. Kim bilýär, ertir ýa birigün onuň özi hem alpinistrleriň öňünden çykaýsa…

Related posts

Tarafsızlık Bayramı için Af Kararı imzalandı

vepa

BDT Başbakanları Aşkabat’ta ekonomik işbirliğini görüşecek

vepa

Rejep Taýyp Ärdogan: Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini goldarys

Ata Watan Eserleri