JEMGYÝET

Bu ýerde gyş yzyna dolandy

Martyň ahyrky gününde tebigat Saud Arabystanyna garaşylmadyk sowgat bagyşlady: şol gün güneşli arap döwletinde howanyň derejesi 9 gardusa çenli sowap, ýurduň käbir ýerlerinde gar ýagdy. 31-nji mart güni Jabal al-Lawz daglarynda ýagyp başlan gar az salymdan Iordaniýa bilen serhetdeş etraplaryň ählisini örtdi. Elbetde, beýle howa ýagdaýy 31-nji mart ýaly baharyň ymykly ornaşan günleri üçin adaty bolmadyk ýagdaýdyr.

Saud Arabystanynda gyşyň orruk-ortasynda hem gar görmek kyn. Şonuň üçin hem ýurduň ýaşaýjylary 1-nji aprel güni gar görmek üçin topar-topar bolup onuň ýagan ýerlerine gitdiler. Gar görmäge höwesekler şeýle bir kän boldy welin, käbir ýollaryň ugrunda goşmaça gözegçilik üçin adam berkitmeli ýa-da dürli kömek beriji çäreleri geçirmeli boldy. Ýerli ýaşaýjylaryň käbiri bolsa ömründe ilkinji gezek gar görendigini hem gizlemedi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Marı da Etkinlikler : 5.Asya Oyunları’na 100 günden az süre kaldı

vepa

Ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si getirildi