myhmanhanada bolýan bolsa |
şol myhmanhanadan bolýandygy barada kepilnama (talyp wiza girmeýär);
|
kärendä alnan hususy jaýda bolýan bolsa | şol jaýy kärendä alandygy baradaky şertnamanyň nusgasy, jaýyň eýesiniň patentiniň nusgasy, patentiň eýesi kärendä berilýän jaýyň eýesi bolmasa, onda bellenen tertipde döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan jaýyň eýesinden patentiň eýesiniň adyna berlen kärende bermäge hukuk berýän ynanç hatynyň nusgasy, jaýyň eýesiniň we patentiň eýesiniň pasportlarynyň nusgalary, jaýa eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy: jaýy satyn almak-satmak şertnamasynyň nusgasy, tükelleýiş işiniň we ýaşaýyş jaýynyň öý kitabynyň nusgalary, şeýle hem jaýa eýeçilik hukugyny tassyklaýan beýleki resminamalary (deňeşdirmek üçin sanalan resminamalaryň nusgalary bilen birlikde asyl nusgalaryny hem bermeli); |
garyndaşynyňkyda bolýan bolsa |
garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;
|
ilçihananyň rezidensiýasynda bolýan bolsa | ilçihanadan bu ýagdaýy tassyklaýan kepilnama; |
talyplaryň okuw mekdepleriniň umumyýaşaýyş jaýlarynda bolýan halatlarynda |
şol okuw mekdebinden bu ýagdaýy tassyklaýan kepilnama; |