JEMGYÝET

Sungata salnan küşt

Sport älemi. Heran-haçan bu älemiň ady agzalanda derrew hakydaňa tälimçiler, türgenler geler. Emma sporty we onuň görnüşlerini wasp edýän aýdymçylar, şahyrlar, Žurnalistler hem bar. Bu gün bolsa biz sportuň küşt görnüşini sungat dilinde “gürletmegi” başaran nakgaşçy gyz Sähra Ataýewa bilen söhbetdeşlikde. Ol Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň uçurymy bolan. Häzirki wagtda bolsa,  Daşaguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy. Ol söhbetdeşlik pursaty bize bir ýarym ýyldan gowrak wagtda irginsiz zähmetiň astynda döreden «Küşt» keramika eseri barada, ine, şeýle gürrüň berdi:

– Men hem öz gezegimde sportuň küşt görnüşindäki mallary ondaky ak we gara taraplary täzeçe işledim. Bu ýerde esasy maksadym – türkmen halkyna mahsus bolan milli aýratynlyklary sport görnüşinde janlandyrmak bolup durýar.  

Bilşimiz ýaly, küşt tagtasynda birnäçe mallar hereket edýär. Meniň hem işimdäki her bir malda öz döwrüniň fenomeni bolan türkmen gahrymanlary şekillendirilýär.

Şa – onuň keşbinde türkmen serkerdeleriniň biri bolan Togrul begiň täç geýip, toý lybasynda duran pursady şekillendirilen. Lybasdaky guşak esasy alamat bolup, ondaky bezeg şaýlaryň sany boýunça eýesiniň jemgyýetde tutýan orny kesgitlenilýär. Gynyna salnan jöwher pyçagy bolsa, eýesiniň hökmürowanlygynyň nyşany.

Ferz – munda milli şaý-sepler bilen bezelen türkmen zenanynyň keşbini şekillendirdim.

Pil – bu küştde esasy mallaryň biri bolmak bilen gujur-gaýratyň, beýikligiň nyşany aňladýar.

At – muňa çaýan täzeçe röwüşim – ony milli at şaý-sepleri bilen bezemekligimden ybarat.

Ruh – bu maldaky esasy aýratynlyk ony gadymy ýadygärliklerimiz bolan gala we minara görnüşinde berip, arhitektura bezegleri bilen baýlaşdyrmagymdyr.

Pyýada – munda bolsa ähli söweş esbaby bolan, ýagny goragda duran türkmen ýigidiniň keşbini şekillendirdim.

         Bu işimi ýerine ýetirmeklik üçin arassa toýundan peýdalandym. Ilki bilen şekilleriň görnüşini, galyplaryny taýynlap, soňra galyplara salyp, ýelmemek we çyzmak arkaly bezeg işlerini amala aşyrdym. Soňra ak reňkli angop bilen reňkläp, guransoň peçde  800°C gyzgynlykda bişirdim. Bişip çykanyndan soň ýaşyl we goňur syrça bezegleri bilen reňkläp,  nagyş bezegleri has öňe çykar ýaly görnüşe getirdim. Işi doly reňksiz syrça bilen reňkläp, peje ýerleşdirdim we 950°C gyzgynlykda 8 sagadyň dowamynda bişirdim.

          Netijede, birnäçe taryhy çeşmelere esaslanan keramika eserim özüniň oňyn netijesini berdi diýip hasap edýärin.

Ýazga geçiren Aýbölek ABDYÝEWA,

«Atawatan Türkmenistan» halkara

Žurnalynyň habarçysy.

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär