DÜNÝÄ

Ermenistan Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

2018-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wladimir MeruŽanowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, söwda-ykdysady, medeniýet, bilim hem-de sport ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Ilçihananyň işine yzygiderli ünsi we goldawy üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Wladimir Badalýana Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde goşan goşandy üçin özüniň minnetdarlygyny bildirip, mundan beýläk hem işinde üstünlikler arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi