Awazada geçirilýän halkara maslahatlaryň çäklerinde Azerbaýjanyň meşhur teleýaýlymlarynyň biri bolan Baku TV kanaly “Ata Watan Media”-nyň baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Dr. Döwran Orazgylyjow söhbetdeşligiň dowamynda Awazada geçirilýän halkara maslahatlaryň sebit ýurtlary, şol sanda doganlyk döwletler üçin ähmiýetini nygtady.
Şeýle hem ol bu halkara çäreleriň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegi pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi.
