BILIM

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Türkmenistanyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde habar berildi.

Hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda), S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; ekologiýa; psihologiýa; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärleri täze açylýar.

Bakalawr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlygyň ugry: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (bedenterbiýe), Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde emeli aň we ekspert ulgamlary; mehatronika we robot tehnikasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlygyň ugurlaryna ilkinji dalaşgärler okuwa kabul ediler.

Magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugurlary açylýar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Dalaşgär-2026: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti