DÜNÝÄ

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty Federasiýasynyň Prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy.

2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderland Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Ilçi R.Baýalyýewe çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sportunda hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleriň geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmen halkynyň milli baýlygy bolan we özboluşly häsiýetleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen ahal-teke at tohumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler atçylyk sportunyň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki möhüm ornuny bellediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we iki ýurduň degişli guramalarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamaga özara gyzyklanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler