Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow biwagt aradan çykan Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi üçin guralýan matam çäräsine gatnaşýar. Bu barada Eýranyň “IRNA” habarlar gullugy habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Tähranyň halkara howa menzilinde Eýranyň ýokary derejeli ýolbaşçylary garşylady.
Şu gün Eýran Yslam Respublikasynda merhum Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi üçin matam çäresi guralýar. Oňa dünýäniň 100-den gowrak döwletinden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşýar.
Ymam Homeýni metjidinde geçirilýän matam çäresinden soňra merhum Beýik ruhy Lideri Aýatolla Hameneýiniň tabyty Kum şäherine äkidiler, 9-njy iýulda bolsa, onuň wesýetine eýerilip, Maşatda jaýlanar.
