SPORT

Garaşylmadyk netije: Germaniýa çempionat bilen hoşlaşdy

Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 final duşuşygynda Paragwaýyň toparyndan utuldy we ýaryşdan çykdy.

Nemesler yzly-yzyna üçünji gezek dünýä birinjiliginde şowsuzlyga uçradylar — mundan öňki iki çempionatda topar toparçalaýyn tapgyrdan geçip bilmändi.

Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgylary paragwaýlylaryň tarapynda boldy we hasap 4:3 Paragwaýyň peýdasyna tamamlandy.

Paragwaýyň Prezidenti Santýago Penýa milli ýygyndynyň ýeňşinden soň, 30-njy iýuny ýurtda baýramçylyk güni diýip yglan etdi.

Dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykmak Paragwaýyň ýygyndysy üçin iň gowy netije däldir — 2010-njy ýylda topar çärýek finala çenli ýetipdi.

Häzirki ýaryşyň 1/8 finalynda Paragwaýyň ýygyndysy Fransiýa we Şwesiýa toparlarynyň bäsdeşliginde iň güýçli bolan tarap bilen oýnar.

Mundan ozal Germaniýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda dört gezek penaltiler tapgyrynda ýeňiş gazanypdy. Umuman alanyňda, Germaniýanyň topary üçin bu iri ýaryşlardaky penaltiler boýunça ikinji ýenlişdir. Birinjisi 1976-njy ýylda Ýewropa çempionatynyň finalynda Çehoslowakiýanyň ýygyndysy bilen bolup geçipdi.

Germaniýanyň ýygyndysy dünýäniň dört gezek çempionydyr.

Ýene-de okaň

Robert Lewandowski Amerikada oýnar

Marokko Niderlandlary ýeňip, 1/8 finala çykdy

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy