JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda öňde boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlan gününden bäri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalary özünde jemleýär.

Iki ýurduň arasynda ýokary derejede we iş  saparlarynyň 16-sy amala aşyryldy. Şeýle hem hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň derejesinde gatnaşyklar işjeň alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Iki döwlet köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu babatda Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe, Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan formatlaryny hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny bellemek bolar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şunda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki tükrmen-azerbaýjan hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir.

Şunuň bilen bir hatarda energetika, logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem işjeň ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş we goňşy döwletleriň biridigini, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: “Petronas” kompaniýasy 12 milliard dollara golaý maýa goýdy

Ata Watan Eserleri