DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi.

Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylyk meseleleri boýunça dialogy institutlaşdyrmak ugrundaky tagallalary aýratyn bellenilip geçilýär.

Türkmenistan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ählumumy we sebit derejesinde durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply bolan esasy we kesgitleýji şert hökmünde hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek hem-de birek-birege hormat goýmak gurşawyny döretmäge gönükdirilen amaly ädimleri mundan beýläk hem durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy