Günüň birinji ýarymynda başgalara bagly bolan işlerde kynçylyklaryň ýüze çykma ähtimallygy ýokarydyr. Hatda iň ygtybarly diýilýän hyzmatdaşlaryň hem öz beren wadalaryny ýadyndan çykarmagy ýa-da möhüm maglumatlary wagtynda paýlaşmazlygy mümkin. Şol sebäpli, günüň başlangyjynda diňe öz güýjüňize we şahsy ukyplaryňyza daýanyp biljek işleriňize ileri tutma bermegiňiz maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymy ownuk meseleleri çözmek we guramaçylyk işlerini tertibe salmak üçin amatly wagtdyr. Bu wagt aralygynda maglumatlary toplamak, resminamalary anyklamak we geljekki hyzmatdaşlygyň şertlerini ara alyp maslahatlaşmak bähbitli bolar. Ünsüňiziň ýiti bolmagy we meselelere çynlakaý çemeleşmegiňiz köp sanly ýalňyşlyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berer.Şahsy durmuşyňyzda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda käbir düşünişmezlikleriň bolmagy mümkin. Ýakynlaryňyzyň diňe bir dogry maslahata däl-de, eýsem mähre we duýgudaşlyga hem mätäçdigini unutmaň. Şonuň üçin hem ýürekden edilýän söhbetdeşliklerden gaçman, öýüňizde mähirli we ýakymly gurşawy döretmäge çalyşyň.
Bu gün nähili ýagdaý ýüze çykanda-da, özüňize bolan ynamy we hoşniýetli gatnaşygy saklamaga çalşyň. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň ýerliksiz maslahatlary ýa-da işiňize goşulmak synanyşyklary gaharyňyzy getirip biler. Emma oňa garamazdan, negatiw duýgulara erk edip, hyzmatdaşlar, kärdeşler we ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy gowy saklamak möhümdir. Ýönekeý zatlary gaýta-gaýta düşündirmek aňsat bolmasa-da, sabyrlylygyňyz üçin töweregiňizdikiler size minnetdar bolarlar.Maliýe bilen baglanyşykly kararlarda gyssanmazlyk maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda gatnaşyklarda sypaýyçylyk we mähirlilik aýratyn ähmiýete eýedir. Ozal düşünişmezlik döreden meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy başga wagta goýsaňyz has gowy bolar. Sebäbi bu gün garaýyşlaryň arasyndaky ujypsyzja tapawut hem uzak wagtlap dowam etjek öýke-kinelere ýa-da dawa-jenjellere sebäp bolup biler. Pikirleriňizi paýlaşanyňyzda mähirli bolmaga çalşyň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün wakalar çalt depginde ösüp biler, ýöne bu size oýlanyşykly kararlary bermäge we maksada tarap ýoly tapmaga päsgel bermez. Intuisiýaňyz, ýagny duýgurlygyňyz aýratyn ýiti bolar. Şonuň saýasynda adatdan daşary ýagdaýlarda derrew ugruňyzy tapmagy möhüm meseleleri saýlap almagy we anyklamagy başararsyňyz.Meýilleşdirilen işleriňiziň ýanyna täze wezipeleriň goşulmagy ahmal. Käbir ýagdaýlarda kyn ýagdaýa düşen adamlara kömek etmek üçin şahsy işleriňizi bir gyra goýmaly bolarsyňyz. Emma ýatda saklaň: siz her bir haýyşa hökman jogap bermeli dälsiňiz. Siziň hoşniýetliliginizden hyýanatly peýdalanmak isleýän adamlaryň tapylmagy mümkin. Şol sebäpli, şeýle pursatlarda wagtynda “ýok” diýmegi başarmak örän möhümdir.Aragatnaşykda jedellerden gaça durmak birneme kyn bolar. Töweregiňizdäki adamlaryň sizi bilgeşleýin dawa çekýän ýaly ýa-da biynjalyk edýän ýaly görünmegi mümkin. Şeýle-de bolsa, eger siz duýgularyňyza erk edip, sabyrlylygyňyzy saklap bilseňiz, ähli zady ara alyp maslahatlaşsaňyz gowy netijeli ýagdaýda tamamlanar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň başlangyjy birneme çylşyrymly geçip biler: bu wagt size gapma-garşylykly maglumatlaryň gelmegi, işde käbir bökdençlikleriň döremegi ýa-da ozal sizi bir sözüňizden düşünýän adamlar bilen aragatnaşygyň kynlaşmagy mümkin. Käbir ýakymsyz pursatlara taýyn boluň, emma ýagdaýyň tiz wagtda gowulyga tarap üýtgejekdigini ýatdan çykarmaň.Günortadan soňky wagtda töweregiňizdikiler bilen düşünişmegiň aňsatlaşýandygyny, keýpiňiziň göterilýändigini we işleriňiziň ugruna bolýandygyny duýarsyňyz. Şeýle hem, geljekki meýilnamalaryňyzy anyklap, diňe bir pikir etmek däl, eýsem anyk hereketlere geçmäge mümkinçilik taparsyňyz. Bu bolsa siziň özüňize bolan ynamyňyzy has-da artdyrar.
Bu gün çylşyrymly, emma möhüm hasaplanýan wezipäňizi çözmek üçin ýene bir synanyşyk edip görmegiňiz maslahat berilýär. Hut şu gün meselelere täzeçe garaýyş bilen seretmegiňiz we garaşylmadyk ýoly tapmagyňyz netijesinde meýiliňiziň amala aşma ähtimallygy örän ýokarydyr. Emma başda töweregiňizdikiler siziň bu çemeleşmäňize düşünmän, tankydy bellikleri aýtmaklary mümkin. Şeýle pursatlarda sabyrlylygyňyzy saklap, jedellerden gaça durmagy başarsaňyz, tiz wagtdan hemmeler siziň haklydygyňyza göz ýetirerler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň başlangyjynda meýilleşdirilen işleriňizi goýup, birneme dynç almak islegi döräp biler. Emma bu duýga erk edip, işe çynlakaý girişseňiz, günüňiz örän netijeli geçer. Şonuň bilen birlikde, öňde goýan maksatlaryňyza we ileri tutýan wezipeleriňize gaýtadan seretmek peýdaly bolar. Mümkin käbir meseleleri wagtlaýynça yza süýşürip, has möhüm işlere ünsi jemlemek zerurdyr.Haýsy işe başlasaňyz hem, netijäniň derrew boljagyna garaşmaň. Isledik işde üstünlik gazanmak üçin sabyrlylyk we tutanýerlilik gerek bolar. Siziň üçin bu kynçylyk döretmese-de, ýanyňyzdaky hyzmatdaşlaryňyz işleriň haýal gitmegine biynjalyk bolup bilerler. Şol sebäpli töweregiňizdikileri köşeşdirmäge we olaryň şikaýatlaryna üns bermän, öz ugruňyzda dowam etmäge taýyn boluň.Maliýe meselesinde birneme girdejileriň bolmagy hem mümkin.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün pul harçlamak islegiňiz artar. Meýilleşdirilmedik käbir satyn alyşlary ýa-da göwün açmalary amala aşyrmaga mümkinçiligiňiz bolsa-da, çendenaşa gitmezlik maslahat berilýär. Esasanam uly maýa goýumlary barada söz açylanda örän ünsli boluň. Eger kimdir biri size gysga wagtyň içinde uly peýda wada berýän bolsa, bu teklibe şübheli çemeleşmek we hemme zady düýpli barlamak möhümdir.Işewürlikde ownuk jikme-jikliklere we beýlekileriň gözünden sypan pursatlara üns berseňiz, iş wezipeleriňizi örän şowly ýerine ýetirersiňiz. Bu gün size ähmiýetsiz ýaly görünen zatlar, geljekde möhüm rol oýnap biler. Siz munuň asyl manysyna bäsdeşleriňizden has ir göz ýetirersiňiz, bu bolsa siziň olardan öňe saýlanmagyňyza mümkinçilik berer.
Bu gün ýüze çykjak islendik jedelde öz haklylygyňyzy subut etmäge näçe jan çekseňiz-de, beýleki adamlaryň pikirini diňlemegi başarmagyňyz has bähbitli bolar. Özara ylalaşyga girmek ukybyňyz töweregiňizdikilerde size bolan hormaty artdyrar. Şeýle hem, duýgy we gahara gaplanyp, soňundan ökünjek sözleriňizi aýtmazlyk üçin özüňizi elde saklamaga çalşyň.Iş meselelerinde aşa howlukman we töwekgelçilikli synanyşyklardan gaça dursanyňyz, günüňiz şowly geçer.Maliýe meseleleriňizi ara alyp maslahatlaşmalarda konstruktiw, ýagny netijeli garaýşy saklamak örän möhümdir. Esasanam, maşgala býujeti we siziň goşandyňyz barada gürreň gozgalsa, sabyrly bolmak kyn düşüp biler. Dawa-jenjelleriň öňüni almak üçin öňki öýke-kineleri bir gyra goýup, diňe anyk çözgütler barada gürleşmäge çalşyň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün uly göwrümli üýtgeşmelere ýa-da şowhunly ýeňişlere garaşylmasa-da, günüňiz örän ýakymly we parahat geçer. Gazanjak üstünlikleriňiz başda ujypsyz ýaly görünmegi mümkin, emma wagtyň geçmegi bilen olaryň çynlakaý meseleleri çözmekde we pozisiyalaryňyzy berkitmekde uly ähmiýete eýedigine göz ýetirersiňiz. Geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryňyzy anyklap bilmegiňiz özüňize bolan ynamyňyzy has-da artdyrar.Iş ýeriňizde ähli wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirmek örän möhümdir. Täze işler gyzykly görünse-de, bir işi tamamlaman beýlekisine geçmekden saklanyň. Bu çemeleşme size goýberilip bilinjek ýalňyşlyklaryň öňüni almaga we wagtyňyzy tygşytlamaga kömek eder. Sabyrlylyk we tertiplilik bu gün siziň iň ýakyn kömekçiňiz bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün täze synanyşyklary etmäge we tejribe geçirmäge taýyn boluň. Öňden gelýän adaty usullaryňyz garaşylýan netijäni bermän biler, şonuň üçin näçe ir täze ýollary gözläp başlasaňyz, şonça-da bähbitli bolar. Şeýle hem, üýtgeýän ýagdaýlar sebäpli käbir meýilnamalaryňyzyň we maksatlaryňyzyň ähmiýetini ýitirendigi aýan bolmagy mümkin. Bu täzelikler her kim üçin ýakymly bolmasa-da, hakykaty kabul edip, dörän ýagdaýdan peýda görmegi başarmak möhümdir.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk size şatlyk we ruhy dynçlyk getirer. Umuman, şahsy gatnaşyklar sferasynda oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder.
Bu gün töweregiňizdäki adamlar bilen dil tapyşmak adatdakysyndan birneme kyn bolup biler. Täze tanyşlar bilen umumy dil tapmak wagt talap eder, ýakynlaryňyz bolsa siziň sözleriňize we kararlaryňyza has talapkärlik bilen çemeleşer. Bu ýagdaýy size bolan ýigrenç ýa-da erbet garaýyş hökmünde kabul etmäň. Şeýle hem bu gün käbir tankydy bellikleri eşitmeli bolmagyňyz ähtimal. Bu siziň ýalňyşlyk goýberýändigiňizi däl-de, eýsem töweregiňizdäki käbir adamlaryň artykmaç kämilleşdirme meýillerinden habar berýär. Şeýle sözleri ýüregiňize aşa ýakyn almaň we olara pelsepewi garaýyş bilen çemeleşiň. Tiz wagtdan gazanjak üstünlikleriňiz siziň haklydygyňyzy we bu tankytlaryň esassyzdygyny subut eder.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün Hutlar üçin karýera mümkinçilikleri esasy orunda durar. Eger siz özüňizi doly işe bagyşlasaňyz, uly üstünlikleri gazanyp bilersiňiz. Şol sebäpli, ünsüňizi ownuk-uşak meselelere bölmän, esasy maksadyňyza jemlemek maslahat berilýär. Siziň tutanýerliligiňiz hünär derejeňiziň ýokarlanmagyna uly ýardam eder.Söýgi we gatnaşyklarda ýyldyzlar bu gün söýgi meselelerinde hem işjeň bolmagy maslahat berýärler. Ýakyn adamyňyzy özüňize berk baglamak üçin gözegçilik etmek däl-de, eýsem oňa mähir we hakyky alada görkezmek has netijeli bolar. Ýürekden edilýän mähirli garaýyş ygtybarly ýoldur we bu çemeleşme gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge kömek eder.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
