Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün Hamallar üçin ynam esasy orunda  bolar.Sözleriňizi hereket bilen tassyklaýan wagtyňyz, töweregiňizdäkiler size has köp ynanar. Günüň dowamynda çalt karar kabul etmek möhüm bolar. Gijä galmak käbir peýdaly mümkinçilikleriň elden gitmegine sebäp bolup biler. Şeýle hem iş meselelerinde işjeňlik görkezmek maslahat berilýär. Günüň energiýasy size öňe gitmäge güýç berer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün Sowurlar üçin çalasyn pikirlenmek we ýagdaýlara tiz uýgunlaşmak möhümdir. Käbir meseleler garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykyp biler, ýöne siz olary üstünlikli çözüp bilersiňiz. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň pikirlerine üns beriň. Başgalaryň maslahatlary garaşyşyňyzdan has peýdaly bolup biler. Sabyrly bolmak size köp zat gazandyrar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün Jöwzalar üçin işjeň we täsirli günleriň biri bolar. Älem sizi dürli ýagdaýlar arkaly synagdan geçirip biler. Çalt hereket etmek we dogry karar kabul etmek üstünlik getirer. Köne ýalňyşlary düzetmek üçin amatly pursat dörär. Şeýle hem täze pikirler we döredijilikli çemeleşmeler size uly peýda getirip biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün Seretanlaryň energiýasy örän ýokary bolar. Köpden bäri ýygnanyp galan işleri ýerine ýetirmek üçin amatly gün hasaplanýar. Ýoluňyzda dürli päsgelçilikler ýüze çykyp biler, ýöne ýakyn adamlaryň goldawy size kömek eder. Täze işe başlamazdan öň hemme zady gowy ölçäp-biçmek maslahat berilýär. Sabyrlylyk üstünlik getirer.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün Esetler ownuk detallara aýratyn üns bermeli. Kiçijik ýalňyşlyklar uly kynçylyklara sebäp bolup biler. Şonuň üçin her bir meseläni seresaply çözmek zerurdyr. Wagtynda kabul edilen kararlar size peýda getirer. Şeýle hem möhüm meseleleri gijikdirmezlik maslahat berilýär.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün Sünbüleler üçin döredijilikli we şatlykly gün bolar. Gündelik birmeňzeş işlerden azajyk daşlaşmak size gowy täsir eder. Täze adamlar bilen tanyşlyk peýdaly pikirleriň döremegine ýol açar. Hyýalyňyz we täzeçe pikirlenmegiňiz durmuşyňyzy has reňkli eder. Şeýle hem arzuwlaryňyza golaýlaşmak üçin amatly mümkinçilikler ýüze çykar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün Mizanlar öňlerinde hiç hili päsgelçilik ýok ýaly duýup bilerler. Emma möhüm kararlary kabul etmezden öň ýagdaýy içgin seljermek zerurdyr. Käbir meselelerde başgaça ýol saýlamak has peýdaly bolup biler. Seresaplylyk häzirki wagtda esasy açar bolar. Şeýle hem ýalňyşlyklardan gaça durmak üçin howlukmazlyk maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün Akraplar üçin dynç almak we özüňize wagt bölmek möhümdir. Günüň dowamynda howlukmagyň zerurlygy bolmaz. Ruhy rahatlyk size täze güýç berer. Agşam döredijilikli işlere ýa-da hobbä wagt aýyrmak gowy netije berer. Şeýle hem durmuşyňyzda täze üýtgeşmelere taýýarlyk döwrüniň başlanmagy mümkin.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 

Bu gün Kowuslar üçin arakesme almak peýdaly bolar. Içki aladalar sizi biynjalyk etse-de, dynç almak zerurdyr. Wagtynda alnan dynçlyk soňraky üstünlikleriň açary bolup biler. Agşam döredijilik bilen meşgullanmak size ylham berer. Şeýle hem täze pikirler peýda bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün Jediler özüne bolan ynam bilen kiçigöwünliligiň arasynda deňagramlylyk tapmaly. Daş-töweregiňizdäki adamlar sizi goldar we bu ýagdaý iş durmuşyňyza oňyn täsir eder. Goldaw beren adamlara minnetdarlyk bildirmek maslahat berilýär. Şeýle hem görip adamlary tanamak möhüm bolar. Ýakyn gatnaşyklarda seresap boluň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu gün Daluwlar üçin çylşyrymly meselelerden daşda durmak maslahat berilýär. Has ýeňil we adaty işler bilen meşgullanmak üstünlik getirer. Günüň dowamynda garaşylmadyk ýakymly wakalar bolup biler. Şeýle hem içki duýgularyňyza gulak asmak peýdaly bolar. Saglygyňyza aýratyn üns bermek maslahat berilýär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün Hutlar daş-töwerekdäki energiýalary aýratyn duýgurlyk bilen kabul ederler. Asudalyk we rahatlyk size gowy täsir eder. Köp adamly we galmagally ýerlerden daşda durmak maslahat berilýär. Döredijilik bilen meşgullanmak ruhuňyzy göterer. Şeýle hem intuisiýaňyz gatnaşyklarda size dogry ýoly görkezer.