DÜNÝÄ

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 11–12-nji maýynda Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde sebit döwletleriniň, halkara guramalaryň we degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Ýewropa üçin Sebit maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda esasy üns azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem agrar ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine gönükdirildi.

 

Forumuň çäklerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda oba hojalygy, azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça duşuşyklar we pikir alyşmalar boldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Milli Liderimiziň kitaplary Türkiýäniň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe ýakynda çäklendirmeleri ýatyrar

Hindistanda “Uly-20”-ligiň (G20) sammiti geçirilýär

Ata Watan Eserleri